Sepleriň elýeterliligi

Yslam dinine geçen meşhur aýdymçylar


1. BUSTA RHYMES​

Amerikaly meşhur repper aýdymçy Busta Rhymes Yslam dinini 2007-nji ýylda kabul etdi.

Rhymesiň aýtmagyna görä, Yslam onuň ruhuny iýmitlendirmek bilen bir hatarda hakykatlardan daşlaşmagyna rugsat bermeýär.

Şol bir wagtyň özünde aýdymçy mundan bir ýyl soň çykaran “Arap puly” atly albomy bilen ençeme musulmanlary gazaplandyrypdy. Albomdaky şol aýdymda Ýakyn Gündogaryň baýlarynyň gutarmaýan baýlyklary hakda gürrüň edilýär. Käbirleri bu aýdymy araplar barada stereotip döretmek üçin synanyşyk diýip häsiýetlendiripdiler.

Busta Rhymes

2. JERMAİNE JACKSON

Aýdymçy, gitaraçy we kompozitor Jermaine Jackson pop aýdym-saz pudagynyň şasy hasaplanylýan Maýkl Jeksonyň (Michael Jackson) doganydyr. Jermaine Yslam dinini 1989-njy ýylda Bahreýn döwletine sapar edensoň kabul edipdi.

Mundan soň ol Halima Raşid atly owgan zenanyna öýlenip, “hristian dininiň jogaplandyryp bilmeýän soraglaryna Yslam dininde jogap tapandygyny” aýdypdy.

Jermaine La Jaune Jackson

3. ICE CUBE

Meşhur repper aýdymçy Ice Cube Yslam dinini 90-njy ýyllarda, ýagny öz karýerasynyň başlarynda kabul edipdi.

ICE CUBE

4. YUSUF İSLAM

Ýusuf Yslamyň asyl ady Steven Demetre Georgiou-dyr. Ol 1977-nji ýylda Yslam dinini kabul edipdi. Mundan soň ol sahna seýrek çykyp başlapdy. Emma soňky ýyllarda ol gaýtadan sahnada görünip başlady.​

Yusuf Islam

5. SNOOP DOGG

Amerikaly repper aýdymçy Snoop Dogg Yslam dinini 2009-njy ýylda kabul edipdi.

Emma aradan köp wagt geçmänkä, “Rastafari” hereketine goşulandygy mälim edilipdi (Bu hereket hristian we beýleki dini tälimleriň esasynda mundan 40 ýyl öň döredilipdi).

SNOOP DOGG

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG