Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystanynyň şa Faýsal adyndaky ýörüteleşdirilen kliniki hassahanasynyň alymlary köp aýally erkek adamlaryň, adatça, ýürek agyry keseline duçar bolmak howpunyň dört esse ýokarydygyny aýan edýärler.

Ylmy barlagy geçiren alymlardan Amin Dolanyň aýtmagyna görä, aýal sany näçe köp bolsa, ýüregiň damarlaryna şonça köp agram düşüp, howp abanýar we ýürek agyry keseline uçralmagyny çaltlaşdyrýar.

Kardiologlaryň Aziýa we Ýuwaş okean sebitleri birleşiginiň hem bellemegine görä, köp aýally erkekleriň ýüregi emosiýalar sebäpli çalt hatardan çykýar.

Barlaglar...

Lukmanlar Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň klinikalarynda 60 ýaşdan bärdäki ýürek agyryly 687 erkek adamy barlagdan geçiripdirler. Olaryň üçden iki bölegi, ýagny 68%-i bir aýally, 19%-i iki aýally we 3%-i bolsa 4 aýally ekeni. Bäş klinikanyň lukmanlary ol erkek adamlary dürli keseller boýunça birlaý barlagdan geçiripdirler.

Barlagyň netijesine görä, erkek adamlaryň 56%-nde süýji keseliniň, 57%-nde damar gipertenziýa keseliniň, 45%-nde bolsa howply ýürek keseliniň bardygy anyklanypdyr. Başgaça aýdylanda, köp aýally erkek adamlarda ýürek keseline uçramak howpy bir aýally adamlara garanda 4,6 esse köpdür.

Arap alymlarynyň garaýşyna görä, bu ýagdaý Ýakyn Gündogaryň dini we medeni ýaşaýşy bilen gönümel baglanşyklydyr. Şonuň üçinem erkek adamlar jemgyýetde yslamyň kadalaryna görä, her bir aýala we onuň çagasyna deň derejede üns bermeli we alada bildirmeli bolýarlar.

Gyrgyzystan

Gyrgyzstanda kanun boýunça köp aýallylyk gadagan, ýöne jemgyýetde näresmi ýagdaýda köp nikaly ýaşaýanlar hem bar. Gyrgyzystanyň kardiologlary häzirlikçe arap kärdeşleriniň geçiren barlaglarynyň netijelerini tassyklamaýarlar we bu barada bir garaýyş hem beýan etmeýärler. Gyrgyz hünärmenleri köp nikaly bolmagyň erkek adamlaryň ýüregine agram salýandygyny pikir etmeýärler.

Meselem, Milli kardiologiýa we terapiýa merkeziniň müdiriniň ylmy orunbasary Ernest Jişimbaýewiň aýtmagyna görä, eger adamda dogabitdi ýürek näsazlygy ýok bolsa, köp nikalylyk erkek adamyň saglygyna ýaramaz täsir etmeýär: “Eger erkek adamyň ýüreginde ýa-da ýürek-damarlarynda näsazlyk bar bolsa, onda köp nikalylyk sebäpli şol erkek adam has çalt ýadap biler, şeýlelik-de onuň ýüregine agram düşer we ýüregi agyryp başlar. Ýöne men hut köp nikalylygyň sagdyn erkeklerde şeýle kesel döredýändigi baradaky garaýşa goşulmaýaryn. Meniň öz garaýşyma görä, köp nikalylyk sagdyn erkek adamyň ýüregine ýaramaz täsir etmeýär”.

Aýallar has köp jebir çekýärmi?

Maşgala saglygy merkeziniň lukmanlaryndan Anara Temirowanyň bellemegine görä bolsa, maşgalada köp nikalylyk sebäpli aýallar erkek adamlardan has köp jebir çekýär: “Erkek adamlara galsa, olar üçin köp aýallylyk ullakan bagt. Meselem, birinji aýaly bilen dartgynly ýagdaý ýüze çykanda, ol özüne has gowy duýgular bilen garaşýan ikinji aýalynyňka baryp bilýär. Şol bir wagtyň özünde ol aýallar hemişe adamsyna garaşýarlar. Hemişe gaýgy edýärler, gabanýarlar we umuman olar has köp jebir çekýärler. Bu bolsa aýal maşgalanyň saglygyna uly zyýan ýetirýär”.

Ýewropa kardiologiýa jemgyýetiniň başlygy Mişel Komaža maşgaladaky dartgynly hem agyr ýagdaýlaryň erkek adamyň ýüregine ýaramaz täsir edip bilmejekdigini aýdýar. Ol hem köp nikalylygyň gaýtam zenanyň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini belleýär.

Adalatsyzlykdan kesel bolýarlar...

"Din, hukuk we syýasat" atly bitarap barlag merkeziniň hünärmeni Daniýar Muradilowyň aýtmagyna görä, Gurhan köp aýallylyga rugsat berýär we munyň netijesinde hemme aýallaryna adalatly çemeleşip bilmedik halatynda erkek adamlar ruhy taýdan agyr ýüküň astynda galýarlar.

“Gurhan köp aýallylyga rugsat berýär. Ýöne, rugsat berýänem bolsa, bu hökman şeýle bolmalydyr diýen manyny bermeýär. Gurhanda munuň hemme şerti açyk-aýdyň düşündirilýär. Erkek adamlar hemme aýalyna maddy we ruhy taýdan adalatly ýagdaýda deň-derejede çemeleşmeli. Ýöne her bir erkek adam şeýle adalaty ýola goýmaga ukyply däl. Munuň netijesinde erkek adamyň ýüregine agram düşüp biler. Ýöne şeýle ýagdaýda, sebäpleriň biridigine garamazdan, ylaýta-da bu sebäpden erkek adamyň keselleýändigini aýtmaga hiç kimde doly esasy ýok” diýip, Muradilow belleýär.

Her ýyl dünýäde 38 million adam (olaryň 28%-i garyp ýurtlaryň raýatlary) ýürek-damar keselleri sebäpli aradan çykýar. Olaryň 17 million sanysy ýürekden tutma we epilepsiýa zerarly ölýär.

Bütündünýä Saglyk Guramasy adamda ýürek keseliniň esasy sebäbini alkogol, çilim çekmek, hereketsiz ýaşamak, nädogry iýmitlenmek we agyr sosial-ykdysady ýaşaýyş görnüşinde düşündirýär. Indi bolsa erkek adamynyň ýürek keseline getirýän ýagdaýlaryň üstüne ýene bir sebäp goşulýar - ol hem köp aýallylyk.

XS
SM
MD
LG