Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň ýük gämisi kosmosda ýandy


"Progress M-27M" ýük gämisi uçurylýar, Baýkonur Kosmodromy, Gazagystan, 28-nji aprel, 2015.

"Progress M-27M" ýük gämisi uçurylýar, Baýkonur Kosmodromy, Gazagystan, 28-nji aprel, 2015.

Orsýetiň sürüjisiz ýük kosmiki gämisi Halkara kosmos stansiýasyna ýetip bilmän, Ýer şarynyň atmosferasyna dolandy we 8-nji maýda irden Ýuwaş Okeanyň üstünde ýandy, diýip Orsýetiň “Roskosmos” agentligi habar berdi.

Munuň öňüsyrasynda “Roskosmos” agentligi kosmiki gäminiň diňe kiçi bölekleriniň ýeriň üstüne düşmeginiň ähtimaldygyny habar berdi.

“Progress” ýük kosmiki gämileriň Ýeriň atmosferasyna gaýdyp gelende böleklere bölünmegi olaryň gurluşy taýdan göz öňünde tutulýar.

Agentligiň aýtmagyna görä, soňky wakanyň sebäpleri derňelýär we “Progress M-27M” kysymly ýük daşaýan kosmiki gämileriň planlaşdyrylýan indiki uçuşlarynyň tertibine täzeden garalmagy ähtimal.

XS
SM
MD
LG