Sepleriň elýeterliligi

Riýad: Ýemene degişli teklip edildi


Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir(s) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (ç), Riýad, 7-nji maý, 2015

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir(s) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (ç), Riýad, 7-nji maý, 2015

Saud Arabystany Ýemende ok atyşygy beş etmek boýunça bäş günlük ýaraşyga taýýarlyk görýändigini 7-nji maýda aýtdy. Munuň ýaragly konfliktiň millionlarça pidasyna ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegine mümkinçilik döretjegine garaşylýar.

Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň ok atyşygy bes etmek teklipli bilelikdäki beýannamasynyň öňüsyrasynda Ýemende Huthi gozgalaňçylaryna garşy howa zarbalaryny amala aşyrýan Saud Arabystanyň baştutanlygyndaky koalisiýa “berk we gymmat nyrhdan” öj aljagyny wada beripdi, sebäbi gozgalaňçylar Saud Arabystany bilen serhetdeş regionda azyndan bäş adamy öldüripdi.

“Saud Arabystanynyň howpsuzlygy koalisiýa we saud goşunlary üçin ileri tutulýan meseledir” diýip koalisiýanyň metbugat-wekili general Ahmed al-Assiri aýtdy.

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry Riýaddaky duşuşygynda ok atyşygy bes etmek barada ýaraşygyň Ýemendäki krizisi gowşatmak boýunça “uly mümkinçilik” bolup biljekdigini aýtdylar, emma bu teklibe Ýemendäki gozgalaňçylar tarapyndan jogap bolmady.

XS
SM
MD
LG