Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Postsowet ýurtlary Georgiý lentasyna alternatiwa gözleýär


Ukrainada georgiý lentalarynyň ornuny ukrain baýdagynyň reňklerinden emele gelen lentaly gyzyl güller eýeledi.
Ukrainada georgiý lentalarynyň ornuny ukrain baýdagynyň reňklerinden emele gelen lentaly gyzyl güller eýeledi.

Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda ozalky sowet respublikalarynyň köpüsi, Russiýanyň agressiýasyny we imperialistik syýasatyny ýada salýandygy sebäpli Georgiý lentalaryna alternatiwa gözleýärler.

Gyzyl, melewşe, gülgüne, gök, altynsow reňkler... Ýeňiş gününiň bosagasynda postsowet ýurtlarynyň aglabasynda häkimýetler Russiýanyň agressiýasyny, orslara simpatiýany we urşy ýada salýan Georgiý lentalaryna derek başga nyşanlary tapmagyň ugrunda.

Pribaltika ýurtlary

Litwa, Latwiýa we Estoniýa resmi ýagdaýda Ýeňiş gününiň bellenmegini ýatyrdylar. Ol gün ýurtda bellenilýän resmi baýramlaryň arasyna goşulmaýar. Ýöne Günbatar Ýewropa ýurtlary ýaly 8-nji maýy resmi däl ýagdaýda belleýärler.

Pribaltika ýurtlarynda Ors imperiýasyny, sowet kommunizmini we milletparaz sosializmi ýada salýan hem olar bilen baglanyşykly ähli nyşanalar gadagan edilen.

Georgiý lentalary beýik Ýekaterinanyň höküm süren döwründe ýüze çykypdyr we 2000-nji ýyllarda Russiýada resmi görnüşde ykrar edilýär. Georgiý lentalarynyň ulanylmagy babatda hiç hili çäklendirme girizilmändir. Hiç kim, ol lentany dakynany sebäpli, ors dilli ilatyň arasynda milletparazlyk duýgularyny öjükdirmezlik üçin jezalandyrylmaýar.

Belarus

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, häzirki döwürde Russiýa sowukganly çemeleşýär. Ol golaýda döwlet ideologlaryna Georgiý lentalarynyň deregine ýerli nyşannyň oýlanyp tapylmagyny tabşyrdy. Netijede täze nyşan hökmünde belarus baýdagyny ýada salýan gyzyl-ýaşyl reňkli hem nagyşly bir lenta oýlanyp tapyldy.

Belarusda ýurduň baýdagyny ýada salýan gyzyl-ýaşyl reňkli hem nagyşly bir lenta oýlanyp tapyldy.
Belarusda ýurduň baýdagyny ýada salýan gyzyl-ýaşyl reňkli hem nagyşly bir lenta oýlanyp tapyldy.

Aleksandr Lukaşenko, bu barada eden çykyşynda, şeýle täzeçe ýasalan nyşanyň "milli düşünje" duýgusyny döredýändigini nygtady. Ors bloggerleri bolsa muňa derrew degişme bilen reaksiýa bildirdiler: çalşygyň esasy maksady milli düşünje bolýan bolsa, onda lenta kartoşkanyň suraty çekilmeli ekeni.

Ýöne täze nyşan hemmelere ýaramandyr. Belarus suratkeşi hem ýazyjysy Artur Klinow, ýurtda häkimiýetiň "hemme zady sowet stilinde" ýerine ýetirmegi dowam edýändigini we "täze şekillendiriş ugurlaryna ynanmaýandygyny" aýdýar. Ol şol bir wagtyň özünde-de Georgiý lentasyna derek täze nyşanyň gözlenmeginiň aslynda "gaty gowy" ideýadygyny belleýär.

Moldowa

Moldowanyň taryhynda Ikinji jahan urşy mahalynda dürli raýdaşlyklar bolansoň, indi olar Ýeňiş gününiň bellenmezliginiň tarapdary. Günbatarçy garaýşa uýýan halk wekilleri Russiýanyň öz ýurtlaryna ideologiýa taýdan ýetirýän täsirini azaltmak üçin elinden gelenini gaýgyrmaýarlar. Hatda ”Liberal partiýanyň” agzalary parlamente Georgiý lentalaryny ulanýan ýönekeý raýatlara 120, wezipelilere bolsa 250 amerikan dollaryna çenli jerime salynmagyny göz öňünde tutýan kanun teklibini hödürlediler.

Pridnestrowýadaky Russiýanyň täsirine ünsi çekýän halk wekilleri bolsa Georgiý lentasynyň separatizmiň, bikanunylygyň, haosyň we pidalaryň simwolyna öwrülendigini aýdýarlar.

Ukraina

Kiýewde geçen aý sowet mirasynyň ahyrky galyndysy ýok edildi. Şonda "Beýik watançylyk urşy" diýen häsiýetlendirme gadagan edilip, ol edil bolşewizm we milletparazlyk ýaly bikanun diýlip yglan edildi.

Georgiý lentalarynyň ornuny ukrain baýdagynyň reňklerinden emele gelen lentaly gyzyl güller eýeledi. Şu ýyldan başlap Ukrainada Ýeňiş güni Günbatar Ýewropa adatyna görä, 8-nji maýda bellenilip ugray.

Merkezi Aziýa

Gazagystanda, postsowet integrasiýasynyň çäginde, ýurduň Russiýa bilen köpsanly bilelikdäki maksatnamalara gatnaşýandygyna garamazdan, bu ýyl Ýeňiş güni üçin döwlet baýdagynyň sary-gök reňklerinde özboluşly bir aýratyn milli nyşan girizildi.

Gazagystanda döwlet baýdagynyň sary-gök reňklerinde özboluşly bir aýratyn milli nyşan girizildi.
Gazagystanda döwlet baýdagynyň sary-gök reňklerinde özboluşly bir aýratyn milli nyşan girizildi.

Gyrgyzystanda hem şeýle ýörelgä eýerilip, Ýeňiş gününe döwlet baýdagynyň gyzyl-sary reňklerine laýyk bezelen nyşanlar bilen taýýarlyk görülýär. Häkimiýetler gyzyl reňkiň batyrlygy, edermenligi hem ýeňşi, sary reňkiň bolsa parahatçylyk bilen asudalygy aňladýandygyny düşündirýärler.

Täjigistanda ýaşlar we intelligensiýa näresmi ýagdaýda Russiýanyň täsirine garşy durmak üçin Georgiý lentalarynyň gadagan edilmegine çagyrýarlar.

Özbegistanda bezegler döwlet baýdagynyň reňklerine laýyk getirilen.

Merkezi Aziýanyň iň ýapyk ýurdy bolan Türkmenistanda bolsa, Türkmenbaşa we häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa wepalylygyň nyşany hökmünde diňe ak reňk ulanylýar.

Kawkaz

Ermenistanda menewşe reňk hemme ýerde üns merkezinde.
Ermenistanda menewşe reňk hemme ýerde üns merkezinde.

Günorta Kawkazda, ylaýta-da Gürjüstanda az sanly hem bolsa Georgiý lentalaryna duş gelmek bolýar.

Ermenistanda bolsa, Osman imperiýasynyň millionlarça ermenini sürgün etmeginiň ýüzünji ýyly bilen baglanyşykly, menewşe reňk hemme ýerde üns merkezinde.

Russiýa we çetleşen sebitler

Russiýada Kazanyň tekstil fabrigi bu ýyl Georgiý lentasynyň önümçiligini dört müň metrden on müň metre çenli artdyrdy. Ol lentalaryň agramly bölegi Krymda, sepataristleri goldaýan Gündogar Ukraina sebitlerinde, Pridnestrowýede, Abhaziýada we Günorta Osetiýada ulanylýar.

Meseläniň kinaýaly tarapy, Georgiý lentasynyň önümçiliginiň merkezi bolan Kazanyň şol bir wagtda-da, bu simwola garşy bolan ýerli oppozisiýanyň iň güýçli ýeridigini görmek bolýar. Käbir tatarlaryň garaýşyna görä, Georgiý lentasy Ors imperiýasynyň Kazanda gazanan ýeňşiniň nyşanydyr. 26-njy aprelde, ýagnyTatar diliniň resmi güni bellenen gününde respublikanyň paýtagtynda tatar aktiwistleri gyzyl-ýaşyl reňkli alternatiw lentalary ýaýratmaga başladylar.

XS
SM
MD
LG