Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa: Hökümet ornuny saklap galmakçy


Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron
Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameronyň konserwatiw hökümeti Britaniýa ýene bäş ýyllap ýolbaşçylyk etmegiň ugrunda hereket edýär.

BBС-niň geçiren pikir soralyşygyna laýyklykda, konserwatorlaryň 650 orunlyk parlamentiň aşaky öýünde orunlaryň aglaba köpüsini ýagny 326 orny eýelemegi gaty ähtimal.

Kameronyň 8-nji maýda günüň dowamynda şa aýal Ýelizaweta bilen duşuşjagy habar berildi. Şeýle duşuşyk hökümeti düzmek üçin formal taýdan talap edilýän düzgündir.

Kameronyň ýeňiş gazanmagy onuň beren wadasyna laýyklykda, Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykyp-çykmazlyk boýunça referendumy başdan geçirmeli boljakdygyny aňladýar.

Pikir soralyşyga görä, oppozision “Zähmet partiýasyna” diňe 239 orun gazanyp, yzda galmak garaşýar.

XS
SM
MD
LG