Sepleriň elýeterliligi

'Lentalaryň syýasata täsiri ýok'


Mukaddes Georgiý lentasy bank bölüminde, Aşgabat, 7-nji maý, 2015.

Mukaddes Georgiý lentasy bank bölüminde, Aşgabat, 7-nji maý, 2015.

18-nji asyrdan bäri özgeriş tapgyrlarynyň ençemesinden geçip, Orsýetde 2005-nji ýylda Ikinji Jahan Urşunda nasistik Germaniýany ýeňmegiň simwoly hökmünde ornaşan georgiý lentasyna şu günki gün ençeme ýurtda Orsýetiň agressiýasynyň we imperialistik syýasatynyň alamaty hökmünde garalýar.

Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda ozalky sowet respublikalarynyň köpüsinde georgiý lentalaryna alternatiwa gözleýärler. Hususan-da Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, golaýda döwlet ideologlaryna georgiý lentalarynyň deregine ýerli nyşanyň oýlanyp tapylmagyny tabşyrdy.

Türkmenistanda şu günler georgiý lentalaryny döşüne dakýanlaryň köpelmegine näme sebäp bolýar? Azatlyk Radiosy türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG