Sepleriň elýeterliligi

Moskwa Ýeňiş paradyny geçirdi


Birleşen Ştatlaryň we beýleki Günbatar ýurtlarynyň boýkotyna garamazdan, ýigrimi çemesi dünýä lideri 9-njy maýda II Jahan urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli guralýan uly parada gatnaşmak üçin Orsýete geldi.

Bu paradda Orsýet özüniň harby kuwwatyny orta çykarýar, aldym-berdimli taryhy söweşleriň gaýtadan janlandyrylan sahnalary bilen, Gyzyl meýdandaky parada 16 müň esger, soňky nesil Armata tanklaryndan başlap, 143 sany söweş uçary gatnaşýar.

Moskwa wagty bilen ir sagat 10-da başlanan parad ýaranlykdaky güýçleriň Nasistik Germaniýadan üstün çykmagynyň 70 ýyllygyna bagyşlanan hem bolsa, Orsýet ol ýeňşi köplenç özüniňki edip görkezýär.

Hasaplamalara görä, Sowet Soýuzy bu uruşda beýleki ýurtlara garanda has kän ýitgi çekdi, ýagny 26 million adam ýitirdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin paradyň öňüsyrasynda Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň bilen duşuşdy, ol Orsýete parada gatnaşmak we söwda şertnamalaryny baglaşmak üçin geldi.

Putin bu pursaty Orsýetiň ykdysady gatnaşyklar meselesinde Aziýa tarap ýykgyn edýändigini nygtamak üçin ulandy, sebäbi Günbataryň, Ukrainadaky agressiýasy sebäpli, Moskwa bilen ykdysady gatnaşyklaryny doňduranyna bir ýyldan gowrak wagt boldy.

"Biz tutuş rus halkynyň ýeňiş baýramyny gutlaýan wagtynda öz hytaýly dostlarymyzy görmäge örän şat» diýip, Putin iň täsirli dünýä liderleriniň bu çärä gatnaşmaýanlygyna kakdyryp aýtdy.

Günorta Afrikanyň prezidenti Jakob Zuma we Serbiýanyň prezidenti Tomislav Nikoliç Orsýete 8-nji maýda gelse, Hindistanyň prezidenti Pranab Mukherjeýe 7-nji maýda geldi.

Günbatar liderleri, käbirleriniň geçen ýyllarda edişi ýaly, bu çärä gatnaşmajaklaryny aňlatdylar. Olar Orsýet bilen, Ukrainadaky krizis zerarly, ýiti gapma-garşylykda durýarlar.

Diňe german kansleri Angela Merkel, gül goýuş dabarasyna gatnaşmak we Putin bilen gepleşmek üçin, 10-njy maýda gelmäge razylyk berdi.

Putin golaýda telewideniýe arkaly bütin ýurt bilen sorag-jogap alşanda, Günbataryň bu äsgermezligini ret etdi we günäni Waşingtonyň üstüne atdy.

“Käbirleri ýöne gelmek islemeýär, emma käbirleriniň gelmegine «Waşington apparatçikleri» rugsat bermeýär, olar «ýok, bolmaz» diýýärler, ýogsam köpüsi gelmek isleýär» diýip, ol aýtdy.

Kubanyň prezidenti Raul Kastro, Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Maduro, Zimbabwäniň prezidenti Robert Mugabe, Müsüriň prezidenti Abdel Fattah al-Sisi ýaly uzak wagt bäri ýaranlykdaky ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň ählisi paradda görünmegi planlaşdyrýar.

Dünä liderlerinden bu çäre ýigrimi sanysy, şol sanda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun, Wetnamyň prezidenti Truong Tan Sang, Çehiýanyň prezidenti Milos Zeman dagy hem gatnaşýar.

Käbir ýurtlar Orsýet bilen Günbataryň arasyndaky bölünişikde iki ýana yraň atýar. Mysal üçin, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan özüniň parada gatnaşmajakdygyny, emma öz ýerine Moskwadaky türk ilçisiniň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Birnäçe ýurt bu gapma-garşylykda özleriniň Orsýetiň tarapynda durýandyklaryny örän açyk etdiler.

"Serbiýe özüniň Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryna hiç wagt zyýan ýetirmez, hatda Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmak üçinem beýle etmez» diýip, Serbiýanyň prezidenti Nikoliç 8-nji maýda Orsýetiň «Rossiya 24» telekanaly bilen söhbetdeşlikde aýtdy. "Ýewropa Bileleşigi Serbiýa özüniň Orsýet bilen gatnaşyklaryny togtatmak babatda hiç bir şert goýup bilmez» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýeňiş mynasybetli guralýan dabaralaryň, pyýada goşun esgerleriniň, deňizçi esgerleriň, lýotçikleriň we atly goşun esgerleriniň, kazaklaryň eşiklerini geýen adamlaryň gatnaşmagynda, Ikinji Jahan urşundaky sahnalary gaýtadan janlandyrmak bilen, 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlaryndaky çäreler bilen bäsleşjekdigi aýdyldy.

Orsýetiň we onuň ýaran ýurtlarynyň harby birikmeleriniň gatnşamagynda geçirilýän parada tomaşa etmek üçin Gyzyl meýdana 2300 çemesi adam çagyryldy.

Putin paraddan öň ozalky sowet respublikalaryndan gelen GDA liderleri bilen duşuşdy. Ol bu ýurtlar bilen Ýewropa Bileleşigine çalymdaş ykdysady ýaranlyk gurmaga çalyşýar.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew geçen aý geçen bir taraply saýlawda bäşinji möhlete prezident saýlanaly bäri, daşary ýurda birinji saparyny amala aşyrýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG