Sepleriň elýeterliligi

Stalin mämişä boýaldy


Sowet diktatory Staliniň Orsýetiň Lipets şäherinde dikilen ýadygärligi mämişi reňke boýaldy.

"Interfaks" bu heýkeliň Lipetskde, Ikinji Jahan urşunda nasistik Germaniýadan üstün çykylmagynyň 70 ýyllygynyň öňüsyrasynda, ýerli kompartiýanyň ofisiniň öňünde oturdylandygyny ýazýar.

Ýerli kompariýanyň resmisi Sergeý Tokarew bu hereketi «wandalizm, syýasy prowakasiýa» diýip atlandyrdy.

"Interfaks" bir näbelli aýalyň 8-nji maý güni irden heýkele mämişi reňk çalýan wagty wideo ýazga düşendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG