Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 17 adam öldürildi


Gündogar Yrakda şaýy metjidiniň daşynda partladylan goşa bomba anna namazyna gelen adamlaryň azyndan 17-sini öldürdi.

Balad Ruz metžidiniň girelgesiniň agzynda goýlan partlaýjyly maşyn ýarylanda golaýdaky adamlar ýaralylara ýardam etmäge topuldylar, şol wagt olaryň arasyna giren kast ediji hem özüni partlatdy.

Diýala welaýatynda hem 37 adam ýaralandy. Ölenleriň arasynda ýerli harby komandir Adnan al-Tamimi hem bar.

XS
SM
MD
LG