Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýalylar protest bildirýär


Makedoniýada ýene müňlerçe adam köçelere protest bildirmäge toplandy, olar polisiýa korrupsiýasy diýilýäne garşy çykýarlar.

8-nji maý güni giçlik paýtagt Skopýede bir müň çemesi adam ýöriş geçirdi. Ýerli metbugat beýleki şäherlerde hem kiçiräk demonstrasiýalaryň bolandygyny habar berdi.

Skopýede polisiýa esasy hökümet binalaryna barýan ýollaryň öňüni baglady. Bu ýerler 5-nji maýdaky protestler mahalynda bolan zorlukly çaknyşyklarda 38 ofiseriň we bir protestçiniň ýaralanan ýerleridi.

Protestler oppozisiýanyň çagyryşy bilen, 22 ýaşyndaky adamyň ölüminiň sebäpleriniň bassyr-ýussur edilýändigi baradaky aýyplamalar esasynda, 5-nji maýda başlandy.

XS
SM
MD
LG