Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan ýas tutýar


Pakistanda 8-nji maýda bolan dikuçar heläkçiliginde ýogalan ýedi adamyň jesetleri paýtagtyň golaýyndaky harby baza getirildi.

Ýurduň demirgazygyndaky hadysada Flippinleriň we Norwegiýanyň ilçileri we beýleki iki diplomatyň aýallary öldi.

Heläkçilik mahaly ýaralanan 12 adam hem harby baza getirildi. Pakistan 9-njy maýy ýas güni diýip yglan etdi.

Ýykylan dikuçar demirgazykdaky Naltar obasyna barýardy, ol ýerde premýer-ministr Nawaz Şarif täze gurlan dag-lyja kurortuny açýardy.

Pakistan «Talybany» dikuçary urandygyny aýtdy, emma resmiler onuň tehniki problemalar sebäpli ýykylandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG