Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen lideri weteranlary gutlady


Türkmenistanyň prezidenti weteranlary we watandaşlaryny Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmen lideriniň gutlag hatynda basybalyjylykly, faşistik ideologiýa esaslanýan adalatsyz uruşda millionlap adamyň ölendigi we onuň her bir maşgala hasrat getirendigi bellenilýär.

Türkmen metbugaty 8-nji maýda prezident G.Berdimuhamedowyň «Maslahat» köşgünde weteranlar we esgerleriň yzynda galan aýallar bilen duşuşandygyny habar berdi.

1941-45-nji ýyllarda gazanylan Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli guralan dabara mejlisiň başlygy, harby we kanun goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdy diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Mundanam başga, türkmen metbugaty Ýeňiş gününiň öňünden paýtagtdaky «Mekan» köşgünde we welaýat teatrlarynda weteranlaryň hormatyna baýramçylyk dabaralarynyň gurnalandygyny, urşa gatnaşanlara we olaryň yzynda galan aýallaryna pul sylaglarynyň, gymmatbaha sowgatlaryň berlendigini habar berýär.

Resmi habara görä, türkmen lideri Moskwada Ýeňiş dabarlaryna gatnaşýar, emma ol GDA ýurtlarynyň baýramçylyk dabarasyndan öň guralan sammitine gatnaşmady.

XS
SM
MD
LG