Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýa: söweş ikinji güne uzady


Kumanowo, ýaragly adamlara garşy operasiýa geçirilýär. 9-njy maý, 2015
Kumanowo, ýaragly adamlara garşy operasiýa geçirilýär. 9-njy maý, 2015

Makedoniýanyň içeri işler ministri Gordana Jankulowska 9-njy maýda «ýaragly terror toparyna» garşy barýan söweşde bäş polis ofiseriniň öldürilendigini, 30-dan gowragynyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Bu söweş indi ikinji gün dowam edýär. Içeri işler ministrligi 10-njy maýda altynjy polis ofiseriniň öldürilendigini aýtdy. Ýerli media 10-njy maýda üç ofiseriň ýaralanandygyny aýdýar.

Bu söweş ýurduň Kosowa bilen serhedindäki demirgazyk şäherinde, düýn başlandy.

Jankulowska Kumanowa şäherindäki söweşijileriň içinde hem ölenleriň bardygyny aýtdy, emma olaryň sanyny bada-bat kesgitläp bolmandygyny habar berdi.

Ol 9-njy maýda geçirilen operasiýa mahalynda 18 sany ýaragly adamyň makedon howpsuzlyk güýçlerine tabyn bolandygyny aýtdy.

Jankulowska Kumanowadaky «terrorçy topar» Makedoniýanyň döwlet guramalaryna we ýurtdaky parahatçylyga, durnuklylyga abanan howp boldy diýdi.

Ol howpsuzlyk güýçleriniň iň soňky jeňçi «bitaraplaşdyrylýança» söweşi dowam etdirjegini hem sözüne goşdy.

Polisiýa biraz öň bir ýaragly toparyň goňşy ýurtdan Makedoniýa bikanun ýollar bilen aralaşandygyny aýdypdy, ýerli media habarlarynda olaryň Kosowadan, esasan etniki albanlardan ybarat bolan ýurtdan gelendigi öňe sürülýär.

Söweş 9-njy maýda, Içeri işler ministrligi anyk bolmadyk bir ýurtdan «gowy tälim berlen terror toparynyň» gelendigi barada maglumat alandygyny, olaryň döwlet guramalaryna hüjüm etmegi palanlaşdyrýandygyny aýdanyndan soň, makedon howpsuzlyk güýçleri Kumanowada operasiýa girişende başlandy.

Etniki aladalar

Kumanowada esasan etniki albanlaryň ýaşaýan raýonyna media wekilleri goýberilmeýer, emma ol ýerden çykýan habarlar dartgynly ýagdaýdan habar berýär.

Kumanowa etniki taýdan garyşyk şäher, ol Skopýeniň 40 km çemesi demirgazyk-gündogarynda, Kosowa serhediniň golaýynda ýerleşýär.

Bu region 2001-nji ýyldaky etniki konflikt mahalynda Makedoniýanyň entiki alban pitneçileri bilen hökümet güýçleriniň arasynda duşmançylyga şaýat bolan iki raýonynyň biridir.

Soňky zorlukly wakalar Makedoniýanyň durnuklylygy babatdaky aladany çuňlaşdyrjaga meňzeýär, sebäbi hökümet esasy oppozisiýanyň - Sosial Demokratlaryň basyşy astynda. Olar bikanun ses ýazmak, korrupsiýa, şeýle-de giň ýaýran wezipe hyýanatçylygy aýyplamalaryny öňe sürýärler.

Konserwatiw premýer-ministr Nikola Gruewskiniň işden çekilmegini talap edýän protestçiler geçen hepde polisiýa bilen çaknyşdylar we oppozisiýa 17-nji maýda gurnaljak indiki ýygnanyşyga müňlerçe protestçiniň geljegi bilen haýbat atdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG