Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýork: ýadro reaktory togtadyldy


Nýu-Ýork şäheriniň 65 km çemesi demiragyzygynda, Hudzon derýasyndaky ýadro reaktory ýangyndan soň, zawodyň operatorynyň aýtmagyna görä, «transformatoryň işlemezligi» esasynda togtadyldy.

Emma Birleşen Ştatlaryň Ýadro düzgünleşdiriş komissiýasy bu ýangynyň we togtadylmanyň ýaşaýjylar üçin hiç bir töwekgellik döretmeýändigini aýtdy.

Nýu-Ýorkuň Býukanan (Buchanan) diýen ýerindäki «Indian Point» ýadro elektrik stansiýasynyň eýesi bolan Ýentegri korporasiýasy bu desga «durnukly» diýdi we onuň jemgyýetçilige ýa-da işgärlere howp salmaýanndygyny aýtdy.

Kompaniýa zawodyň 3-nji bölüminiň ýapylandygyny, ýangynyň öçürilendigini we reaktora zyýan ýetmändigini, ol ýerde «jemgyýetçilik howpsuzlygyna hiç wagt wehim bolmandygyny» aýtdy.

Ýerli telewideniýe stansiýasy, WABC, ol desganyň içinde turan galmagaldan soň, ýadro stansiýasynyň üstüne galýan tüssäni görüp bolýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG