Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň öňki prezidenti Ewren ýogaldy


Türkiýäniň ozalky goşun başlygy we prezidenti Kenan Ewren 97 ýaşynda aradan çykdy. Ankaradaky harby hassahanada bejergi alýan Ewreniň ýogalandygy 9-njy maý güni giçlik yglan edildi.

Ol 1980-nji ýylda Türkiýede bolan harby döwlet agdarylyşygyna ýolbaşçylyk edip, ýurt syýasatynda harbylaryň onýyllyklara uzan agalygynyň simwolyna öwrüldi.

Ewren 2014-nji ýylyň iýunynda 1980-njy ýyldaky döwlet agdarylyşygyna ýolbaşçylyk edeni üçin ömürlik tussaglyga höküm edildi. Ol sud sessiýasyna gatnaşardan gowuşgynsyz bolup çykdy we ýaşy hem hassalygy sebäpli türmede oturmakdan aman galdy.

Döwlet agdarylyşygyndan soň 50 adam jezalandyrylyp öldürildi, ýarym million adam tussag edildi, ýüzlerçe adam türmede öldi, köp adam bolsa ýitirim boldy.

Syýasy partiýalar ýapyldy we Ewren 1982-nji ýyldan soň ýedi ýyllap prezident bolup işledi.

Bu agdarylyşyk Türkiýäni generallar tarapyndan taslanan Konstitusiýa bilen galdyrdy we oňa şindem demokratiki ösüşlere bir päsgelçilik hökmünde seredilýär.

XS
SM
MD
LG