Sepleriň elýeterliligi

Yrak: tussaglar türmeden gaçdy


Yrakda 50 çemesi tussagyň türmeden gaçmagynyň guralmagynyň arkasynda «Yslam döwleti» toparynyň durandygy aýdylýar.

Bu wakada ondan gowrak polisiýa ofiseri öldürildi. «Roýters» habar gullugy Oudi Al-Khadrana, türmäniň ýerleşen şäheriniň häkimine salgylanyp, onuň 9-njy maýda tussaglaryň gaçmagyna we polisiýa ofiserleriniň öldürilmegine YD jeňçileri jogapkär diýendigini ýazýar.

Yragyň içeri işler ministrligi Diýala welaýatyndaky Halis türmesinden azyndan 40 tussagyň gaçyp gutulandygyny aýtdy. Ministrlik biraz öň tussaglaryň gaçmagyna YD-nyň dahyllydygyny inkär edipdi.

XS
SM
MD
LG