Sepleriň elýeterliligi

Şweýsar atyşygynda adam öldi


Şweýsar polisiýasy demirgazyk Şweýsariýadaky Aargau kantonynda bolan atyşykda birnäçe adamyň ölendigini aýdýar.

Pidalaryň anyk sanyny aýtmakdan saklanan polisiýa 10-njy maýda öldürilenleriň hemmesiniň uly adamlardygyny aýtdy.

Emma 9-njy maýda Würenlingende bolan atyşyga nämäniň sebäp bolandygy belli däl.

Atyşyk seslerini eşiden goňşular polisiýa habar beripdirler we ofiserler soň ol ýerde jaýyň içinden we daşyndan birnäçe jeset tapypdyrlar. Derňew dowam edýär.

XS
SM
MD
LG