Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hüjümde alty adam öldi


Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugynyň berýän maglumatyna görä, 11-nji maýda ýurduň Bajaur tire-taýpalar etrabyndaky ulagda uzakdan dolandyrylýan bombanyň partladylmagy netijesinde alty adam, şol sanda hökümete tarapdar tire-taýpa ýaşulysy heläk boldy.

Bajauryň Birleşen güýçlerinden maýor Rahmat Gul telefon arkaly Pakistan gullugyna beren maglumatynda gürrüňi gidýän bombaly hüjümde Malak Muhammad Gulyň ulagynyň we onuň bilen sapar edýän başga-da bäş adamyň nyşana alnandygyny aýtdy.

Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstünde almady. Emma “Talyban” hereketi bu territoriýadaky hökümete tarapdar tire-taýpa ýaşulysyny köplenç nyşana alýar.

Geçen hepde gürrüňi edilýän territoriýada Pakistanyň parlamentiniň öňki agzasy nyşana alyndy, emma ol hüjümden ýara alman halas boldy.

XS
SM
MD
LG