Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri, Lawrow Soçide duşuşar diýilýär


Russiýanyň metbugat gulluklary Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerriniň Ukrainadaky, Siriýadaky we Ýemendäki durnuksyzlygy maslahat etmek üçin, 12-nji maýda Gara deňziniň kenaryndaky Soçi şäherinde rus kärdeşi Sergeý Lawow bilen duşuşjakdygyny habar berýärler.

Russiýanyň döwlete degişli “RIA-Novosti” habar gullugynyň ady köpçülige mälim edilmeýän bir çeşmä salgylanyp berýän maglumatynda, Kreml gündogar Ukrainadaky konfliktiň çözülmegi dogrusynda Kerri täze teklipleri hödürlär diýip umyt edýär diýilýär.

Şeýle-de, gürrüňi edilýän çeşmäniň aýtmagyna görä, Lawrow amerikan kärdeşi Kerrä Ukraina harby kömegiň ugradylmagynyň kabul ederlikli däldigini aýtmagy planlaşdyrýar.

Russiýa Waşingtonyň Ukrainanyň goşunyny türgenleşdirmek barada ýakynda eden tagallalaryny tankyt edipdi.

XS
SM
MD
LG