Sepleriň elýeterliligi

Satellitler: ÝHHG aladalanma bildirýär


ÝHHG

ÝHHG

Häzirki wagt Aşgabatda ýaşaýjylaryň çanak antennalaryny aýyrmak işleri alnyp barylýar. Eger-de ozal bu kampaniýa, esasan, paýtagtyň “protokol” diýlip atlandyrylýan köçeleriniň ugrundaky jaýlar bilen çäklenen bolsa, häzirki wagt şäheriň etegindäki “Gaža” etrabynyň, 6-njy mikroraýonyň we Ýerewan köçesiniň ugrundaky jaýlaryň çanak antennalary hasaba alnyp başlandy. Bu işi berjaý edýän resmiler ýaşaýjylara “soňy bilen antennalaryny aýyrmaly boljakdyklaryny”, bu talap berjaý edilmese, “jerimäniň hem göz öňünde tutulýandygyny” duýdurýarlar.

Azatlyk Radiosy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Media azatlygy boýunça wekiliniň sözçüsi Gunar Wrang bilen söhbetdeş bolup, türkmen resmileriniň, eýýäm, birnäçe aýdan bäri adamlaryň hususy çanak antennalaryny aýyrmak işleri bilen baglylykdaky reaksiýasy bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Gunar, soňky döwürde türkmen resmileriniň Aşgabatdaky çanak antennalaryny aýrymak kampaniýasyny alyp barýandygy barada maglumatlar gowuşýar. Siziň bu barada nähilidir bir informasiýaňyz barmy?

Gunar Wrang: Bize hem bu maglumatlar gowuşdy. Biz degişli häkimiýetlere bu baradaky aladalarymyzy hem bildirdik.

Azatlyk Radiosy: Bildiren “aladalanmalaryňyz” barada has köpräk maglumat beräýseňiz?

Gunar Wrang: Resmiler [çanak antennalaryny aýrymak işiniň] jaýlaryň estetiki [görnüşini gowulandyrmak islegi] bilen düşündirýärler. Biz adamlaryň dürli metbugat serişdeleri boýunça maglumat almagynyň möhümdigine ynanýarys. Biziň düşünişimize görä, “estetiki” sebäpler metbugat azatlygyny çäklendirmäge bahana bolup bilmez. Satellit antennalaryny aýyrmak bilen, adamlaryň has köp telewizion kanallary görüp bilmek mümkinçilikleri çäklendirilýär.

Azatlyk Radiosy: Siz öz aladalanmalaryňyzy nähili görnüşde beýan etdiňiz? Türkmen resmileriniň muňa reaksiýasy nähili boldy?

Gunar Wrang: Men bu barada hiç zat aýdyp biljek däl. Sebäbi bu “dymyşlyk diplomatiýasy”. Men munuň nähili görnüşde beýan edilendigi barada aýdyp bilmerin. Ýöne, hawa, biz olar bilen habarlaşyp, öz aladalanmalarymyzy bildirdik.

Azatlyk Radiosy: Siz öz aladalanmalaryňyzy haçan bildirdiňiz?

Gunar Wrang: Bu bir hepde töweregi, has takygy 10 gün mundan ozal bildirildi.

Azatlyk Radiosy: Häzir resmileriň Aşgabadyň beýleki etraplaryna hem aýlanyp, antennalaryň aýryljakdygyny, bolmasa-da jerime salynjakdygyny duýdurýandyklary aýdylýar. Eger-de satellit antennalaryny aýyrmak kampaniýasy dowam etse, siz nähili çäreleri göz öňünde tutýarsyňyz?

Gunar Wrang: Biz geljekki boljak zatlar barada hiç hili kommentariý berip bilmeýäris. Ýöne biz bu meseläni içginden yzarlamagy dowam etdirýäris. Biz öz aladalanmamyzy bildirdik, emma geljekki çäreler barada men hiç zat aýdyp biljek däl.

XS
SM
MD
LG