Sepleriň elýeterliligi

Aktrisa Angelina Jolieniň täze filmi


Meşhur aktrisa Angelina Jolie.

Meşhur aktrisa Angelina Jolie.

Meşhur aktrisa Angelina Jolieniň täze filminiň ekranlarda görkeziljek wagty belli boldy.

“Deňziň kenarynda” atly bu filmiň premýerasy, ýagny köpçülige görkeziliş dabarasy 13-nji noýabyrda geçiriler.

Gürrüňi edilýän filmde Joile adamysy Brad Pitt bilen bilelikde baş rollary ýerine ýetirýärler.

Filmde geçen asyryň 70-nji ýyllarynda bolup geçen waka şekillendirilýär.

Bu filmde amerikaly bir ýazyjy öz aýaly bilen bilelikde Fransiýa gidýär. Olaryň aragatnaşyklary dartgynly bolany sebäpli, bu sapar olaryň maşgala durmuşlaryny halas etmäge gönükdirilen sapar bolup durýar.

“Bu film bir tarapdan ýitgiler sebäpli gowşan, beýleki bir tarapdan bolsa, söýginiň güýji bilen örän berk synaglardan üstün çykan gatnaşyklar hakyndadyr. Bu derdiňe nähili çäre tapmak, nähili gowulaşmak we öz täleýiňe gujak açmak hakyndaky hekaýadyr” diýip, Jolie belleýär.

Jolie we Pittiň Fransiýada jaýy bolup, olar tomus aýlaryny şol jaýda geçirýärler. Şol sebäpden olar fransuz medeniýeti we ýaşaýyşy bilen ýakyndan tanyşdyrlar.

XS
SM
MD
LG