Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFC) kubogy ugrunda 2016-njy ýylda Katarda geçiriljek çempionatyň saýlap-seçip almak boýunça geçirilýän oýunlaryndan çekildi. Bu barada gürrüňi edilýän konfederasiýanyň websaýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň bu oýunlardan çekilmegi netijesinde B toparynda duşuşjak ýygyndy toparlaryň sany pese gaçyp, 4-e ýetdi. Bu topar Iordaniýany, Kuweýti, Gyrgyzystany we Pakistany öz içine alýar.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň bu oýunlardan näme sebäpden çekilendigi barada henize çenli takyk maglumat berilmeýär.

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFC) kubogy ugrunda kwalifikasiýany kesgitleýän futbol duşuşyklary 16-20-nji maý aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Al Ain şäheriniň “Al Kattara” stadionynda geçiriler.

XS
SM
MD
LG