Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nepalda ýene ýer titredi


Nepalyň paýtagty Katmandunyň we Ewerest dagynyň arasyndaky Hytaý bilen araçäginiň golaýynda ýene-de güýçli ýer titreme boldy. Tebigy hadysanyň netijesinde alty adam öldi.

Birleşen Ştatlaryň Geologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu ýer sarsgyny 12-nji maýda öýländen soň 7,4 bal derejesinde bolupdyr.

Bu ýer titreme Nepalda 25-nji aprelde bolan ýer sarsgynyndan soň boldy. Şol ýer titremde 8 150-den gowrak adam heläk bolup, başga-da 17 860-dan gowragy ýaralanypdy. Şeýle-de, wakada daglyk obalar ýer bilen ýegsan bolup, ençeme binalar ýumrulypdy.

Nepalyň paýtagtynyň golaýynda bolan soňky ýer titreme Katmandunyň ýaşaýjylarynyň gyssagly köçelere çykmagyna sebäp boldy.

Halkara Migrasiýa guramasynyň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, Çautara şäherçesinde dört adam heläk bolupdyr.

Şeýle-de, wakanyň netijesinde Hindistanda hem iki adam ýogalypdyr. Bu barada hökümet resmileri habar berýärler.

XS
SM
MD
LG