Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Partlamada bäş adam öldi


Owganystanyň Gandahar welaýatynyň ýerli resmisi ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde parahat ilatdan bäş adamyň ölendigini we başga-da üç sanysynyň ýaralanandygyny habar berýär.

Gandahar welaýat häkiminiň metbugat wekili Samim Akplwalkyň aýtmagyna görä, ýoluň gyrasyna düşelen bomba 12-nji maýda ýurduň çetinde ýerleşýän etrapda ýarylypdyr. Akplwalk partlamanyň netijesinde iki zenanyň we bir çaganyň ýaralanandygyny belleýär.

Gürrüňi gidýän welaýat häkiminiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, bu wakanyň öňden bar bolan ýer minasynyň partlamagy netijesinde ýüze çykyp-çykmandygyny ýa-da minanyň “Talyban” tarapyndan ýerleşdirilip-ýerleşdirilmändigini kesgitlemek dogrusynda derňewler geçirilýär.

Bu partlamanyň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady. Emma Gandahar welaýaty “Talyban” gozgalaňlarynyň amala aşyrylýan esasy merkezi hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG