Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Kerri Ukrainany, Siriýany maslahat eder


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Gara deňziniň kenaryndaky Soçi şäherine bardy. Kerri we Putin gündogar Ukrainadaky konflikte we Siriýada dowam edýän urşa syýasy çözgüt tapmak ugrunda maslahat ederler.

Bu Kerriniň soňky iki ýylyň dowamynda Russiýa edýän ilkinji saparydyr.

12-nji maýda Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow rus prezidentiniň Kerri bilen geçirjek duşuşygyny tassyklady. Kerriniň bu saparynyň çäginde Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkowyň berýän maglumatyna görä, Kerri we Lawrow gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada fewral aýynda güýje giren yrga ylalaşygyň berjaý edilişini we Ýakyn Gündogardaky konflikti maslahat ederler.

XS
SM
MD
LG