Sepleriň elýeterliligi

logo-print

HRW: Fişer Berdimuhamedowa çagyryş etmeli


Adam hukuklaryny goraýjy topar Awstriýanyň prezidenti Heinz Fişer türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistandaky adam hukuklary bilen bagly möhüm problemalary çözmäge ündemeli diýýär.

Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 12-nji maýda Wenada Fişer bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” guramasy Türkmenistanyň dünýädäki iň ýapyk we repressiw ýurtlaryň biridigini aýdýar.

2014-nji ýylyň noýabr aýynda çap edilen wideoda “Human Rights Watch” guramasy Türkmenistanyň türmelerinde onlarça adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG