Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur aktrisa: "Oskar baýragymy nirä goýanymy bilemok"


Aktrisa Natali Portman.
Aktrisa Natali Portman.

Natali Portman atly aktrisa dört ýyl mundan owal "Gara guw" atly kinofilmde oýnan roly üçin “Oskar” baýragyny alanda, gözýaşyny saklap bilmändi.

Ol indi bolsa şol heýkeljigi nirede goýanyny bilmän şeýle diýýär: "Nirede bolsa-da, howpsuz bir ýerdedir. Gaty köp wagtdan bäri hiç gözüme ilenok".

Aktrisa Natali Portman.
Aktrisa Natali Portman.

33 ýaşyndaky aktrisa “Hollywood Reporter” bilen geçiren söhbetdeşliginde “Oskar” baýragyna edil buta, ýagny Hudaýyň heýkeline çokunan ýaly çokunýanlardan däldigini aýdýar. Ol gyzyldan ýasalan adamyň heýkeljigini öýünde diwarda asyp goýmandyr ýa-da ony görnüp duran bir ýerde hem goýmandyr.

Ol bu hakda şeýle diýýär: “Men çagama Ybraýym [pygamber] hakda rowaýat okaýardym. Şonda oňa nädogry zatlara çokunmaly däldigini aýdýardym. Gyzyldan ýasalan şol adam heýkeljigi hem edil but ýaly bir zat, ýagny nädogry kult”.

Maşgala durmuşy

Natali, 2012-nji ýylda baleron, ýagny balet tansçysy Benžamin Millepid bilen durmuş gurandan soň, Pariže göçüpdir.

Ol Fransiýanyň paýtagtynyň medeni durmuşyny diýseň halaýar: “Adamlaryň naharda saçagyň başynda çynlakaý söhbet etmek islegini men diýseň halaýaryn - diňe çynlakaý söhbet etmek islegi... Üç ýaşyndaky oglum Alefiniň okuwdan soň (çagalar bagyny göz öňünde tutýar) amaly-haşam sungat muzeýine gitmek islemegi hem maňa diýseň ýaraýar. Ol “Meni Pompidua äkit” diýýär. Şeýle diýýänini gaty halaýaryn. Bularyň hemmesi Nýu-Ýorkdaky ýaly elitar ýerler däl. Filarmoniýa ýa-da bolmasa opera ullakan çykdajy etmezden gidip bilýärsiň. Çünki olara döwlet tarapyndan ýörite goldaw berilýär”.

Portmanyň golaýda - Kann kinofestiwalynda kinorežissýor hökmünde çykyş etmegine hem garaşylýar. Onuň “Söýgi bilen tümlügiň hekaýaty” atly kinofilmi Ierusalimde surata düşürilipdir.

Ol kinofilm meşhur ysraýyl ýazyjysy Amos Ozuň adybir awtobiografiki romany esasynda surata düşürilipdir.

Portman entek ýetginjek gyzka “Leon” kinofilminde ukyplylygy bilen öňe saýlanypdr. Ondan soň “Ýyldyz söweşleri” atly kinofilmde ol hasam meşhurlyk gazanypdy.

Aktrisa Natali Portman.

XS
SM
MD
LG