Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemtsowyň hasabatynda 200 orsýetli esger ukrain urşunda öldi diýilýär


Opposition aktiwist Ilýa Ýaşin Nemtsowyň hasabatyny köpçülige hödürleýär, Moskwa, 12-nji maý, 2015.
Opposition aktiwist Ilýa Ýaşin Nemtsowyň hasabatyny köpçülige hödürleýär, Moskwa, 12-nji maý, 2015.

Janyna kast edilip öldürilen oppozision lider Boris Nemtsowyň başlan barlaglaryna esaslanylyp taýýarlanan hasabata görä, Orsýetiň 200-den gowrak harbysy gündogar Ukrainadaky söweşlerde wepat bolupdyr.

Bu sanlar Orsýetiň Ukrainadaky konflikte goşulyşmagy barada köp wagt bäri garaşylan hasabatda üsti açylan esasy maglumatlaryň biridir. Nemtsowyň öldürilmeginden soň onuň ýaranlary tarapyndan taýýarlanan bu hasabat 12-nji maýda çap boldy.

“Putin. Uruş” diýlip atlandyrylan bu hasabatda Orsýetiň azyndan 150 harbysynyň 2014-nji ýylyň awgust aýynda Ukrainadaky harby çaknyşyklarda ölendigi, ýene 70 esgeriň, şol sanda Iwanowo şäherinden 17 desantçynyň şu ýylyň ýanwar, fewral aýlarynda Debaltsewo şäherindäki söweşlerde wepat bolandygy aýdylýar.

2014-nji ýylda öldürilenleriň garyndaşlaryndan bu meseläni köpçülikde gozgamazlyk barada dilhat alnyp, olara hökümet tarapyndan iki million rubl ($39,000) möçberinde pul berildi diýilýär. Hasabatda bellenişine görä, şuňa meňzeş kompensasiýa şu ýyl wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna hem berlipdir, emma pul tölenmändir.

Şeýle-de, 64 sahypalyk bu hasabatda aýdylyşyna görä, Orsýetiň harby gullukçylary Ukraina iberilmezden öň resmi harby gullukdan öz arzasy bilen çykmaga mejbur edilipdirler. Bu hem orsýet hökümetine konflikte goşulyşandygyny ýaşyrmaga mümkinçilik berýär.

Prezident Wladimir Putin we Orsýetiň harbylary orsýet goşunlarynyň Ukrainadaky söweşlere gatnaşýandygyny yzygiderli inkär edip, urşa gatnaşýanlaryň bolsa Ukraina özbaşdak baran orsýetlilerdigini aýdýarlar.

“Biziň maksadymyz - Kremliň Ukrainanyň içki işlerine goşulýandygy we iki halkyň arasynda urşa sebäp bolýandygy baradaky hakykaty açmakdyr” diýlip, hasabatyň girişinde aýdylýar.

Kiýew we NATO Ukrainanyň hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konflikte Orsýetiň harby taýdan gös-göni goşulýandygyny subut edýän takyk delilleriň bardygyny aýdýarlar. BMG-niň maglumatyna görä, gündogar Ukrainadaky söweşler zerarly regionda 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 6100-den gowrak adam wepat bolupdyr.

Nemtsowyň hasabaty 11 bölege bölünýär we Orsýetiň Ukraina babatynda umumy syýasatyna degişli maglumatlary, ýagny propagandanyň ulanylmagyna, Krymyň anneksiýa edilmegine we 2014-nji ýylyň iýul aýynda gündogar Ukrainanyň howa giňişliginde Malaýziýa howaýollarynyň ýolagçy uçarynyň urlup ýykylmagyna degişli maglumatlary öz içine alýar.

Orsýetiň öňki wise-premýeri, soňra-da hökümetiň ýiti tankytçysy bolan Boris Nemtsow hasabatyň üstünde işleýän wagtynda 27-nji fewralda Moskwada atylyp öldürilipdi.

Nemtsowyň dostlary we RPR-PARNAS oppozision syýasy partiýasyndaky kärdeşleri, onuň toplan maglumatlarynyň Nemtsow öldürilenden soň onuň ölüminiň günäkärlerini derňeýän sülçüler tarapyndan bisorag alynmagyna we ençeme möhüm çeşmäniň geplemekden boýun gaçyrmagyna garamazdan, hasabatyň üstünde işlemeklerini dowam etdirdiler.

Şeýle-de Nemtsowyň hasabatynda Orsýetiniň Ukrainadaky urşa 53 milliard rubl (bir milliard amerikan dollaryny) sarp edendigi we gündogar Ukrainadan gaçyp çykan bosgunlary goldamak üçin ýene-de 80 milliard dollar möçberindäki puly sarp edendigi aýdylýar.

Hasabatyň ykdysady bölegi ykdysadyýetçi, Orsýetiň Merkezi bankynyň başlygynyň öňki orunbasary Sergeý Aleksaşenko tarapyndan taýýarlandy.

Hasabat internetde ýerleşdirildi we onuň 2000 sany nusgadan ybarat birinji tiražy çapdan çykaryldy. Guramaçylar ýakyn geljekde hasabaty has köp san bilen çap etmäge we erkin ýaýratmaga umyt baglaýarlar.

XS
SM
MD
LG