Sepleriň elýeterliligi

Karaçi: Hüjümde 40-dan gowrak adam öldi


Karaçidäki hüjümde pida bolanlaryň dogan-aryndaşlary.

Karaçidäki hüjümde pida bolanlaryň dogan-aryndaşlary.

Pakistanyň resmileri ýurduň günortasyndaky Karaçi şäherinde ýaragly adamlaryň awtobusa ot açmagy netijesinde azyndan 43 şaýy musulmanynyň, şol sanda zenanlaryň we çagalaryň ölendigini we başga-da birnäçesiniň ýaralanandygyny habar berýärler.

Karaçi welaýat polisiýasynyň başlygy Ghulam Haýdar Jamaliniň aýtmagyna görä, ýaragly adamlar awtobusa münüp, ýolagçylara ot açyp başlan mahaly, awtobus Ysmaýyly şaýy musulmanlarynyň ybadat edýän sebitine tarap sapar edýärdi.

Jamali 13-nji maýda edilen bu hüjümde başga-da birnäçe adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady. Mundan öň Karaçide şaýy musulmanlaryny dinden çykan diýip hasaplaýan “Talyban” hereketi we beýleki sünni ekstremist toparlar şaýylary ençeme gezek nyşana alypdylar.

XS
SM
MD
LG