Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Russiýa üçin möhüm pursat diýdi


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilýän ýygnakda çykyş edýär. 13-nji maý, 2015 ý.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilýän ýygnakda çykyş edýär. 13-nji maý, 2015 ý.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen uzak wagt dowam eden gepleşikleri geçirenden soň, gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek baradaky yrga ylalaşygyň berjaý edilmegi üçin häzir möhüm pursatdygyny aýdyp, Moskwa duýduryş berdi.

13-nji maýda Kerri NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda Türkiýede geçirilen ýygnakda “Russiýanyň we separatistleriň şu ýylyň başynda Belarusyň paýtagtynda gol goýlan Minsk ylalaşygyny ýerine ýetirmegi üçin möhüm pursat” diýdi.

Türkiýäniň Antalýa şäherinde iki gün dowam etjek ýygnakda Ukrainada dowam edýän krizisiň we Ýakyn Gündogardaky, şol sanda Siriýadaky, Yrakdaky durnuksyzlyklaryň maslahat edilmegine garaşylýar.

NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg Russiýa pitneçileri goldamagy bes edip, gündogar Ukrainadan öz agyr ýaraglaryny we harby güýçlerini çykarmalydyr diýdi.

XS
SM
MD
LG