Sepleriň elýeterliligi

G.Koreýa: D.Koreýa ministri ölüm jezasyna höküm etdi


Günorta Koreýanyň gizlin gullugynyň berýän maglumatyna görä, Demirgazyk Koreýanyň goranmak başlygy ýurduň lideri Kim Jong Unyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada uklansoň, Demirgazyk Koreýa ony watana dönüklik etmekde ölüm jezasyna höküm etdi.

Günorta Koreýanyň kanunçykaryjysy Şin Kýoung-miniň (Shin Kyoung-min) aýtmagyna görä, 13-nji maýda bu barada ýurduň Milli gizlin gullugynyň resmileri parlament komitetiniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiren ýygnagynda mälim edipdirler.

Maglumata görä, Demirgazyk Koreýanyň Halkyň ýaragly güýçleriniň ministri Hýon Ýong Çol aprel aýynyň ahyrynda Phenýandaky “Kan Kon” atly harby akademiýada ýüzlerçe adamyň tomaşa etmeginde öldürilipdir.

Beýleki bir kanunçykaryjy Lee Çeol Wunyň (Lee Cheol Woo) edarasy hem ýurduň Milli gizlin gullugynyň resmileriniň brifingi barada şuňa meňzeş maglumaty ýaýratdy.

XS
SM
MD
LG