Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Ýemen boýunça gepleşikleri geçirmäge çagyrýar


Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi guramanyň Baş sekretary Ban Ki-muny Ýemen barada parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge we ähli taraplary ok atyşygy bes etmek baradaky bäş günlük ylalaşygy berjaý etmäge çagyrdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji maýda ýaýradan beýanatynda BMG-niň ýol görkezmeginde geçiriljek gepleşiklere Ýemendäki ähli partiýalaryň gatnaşmalydygy we onuň ýemenlileriň ýolbaşçylygynda geçirilmelidigi bellenilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýemen boýunça täze wekili Ismali Ould Çeih Ahmed (Ismail Ould Cheikh Ahmed) 12-nji maýda ýurda edýän ilkinji saparyny amala aşyryp başlady. Gepleşikleri geçirmek üçin heniz wagt ýa-da ýer kesgitlenmese-de, geňeş 17-nji maýda Riýadda aýratynlykda geçirilmegi planlaşdyrylýan konferensiýa gowy baha berdi.

BMG-niň bu beýanaty, Ýemende ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk güýje girenden gysga wagt soň, ýurduň günortasyndaky Dhale şäherinde käbir gury ýer çaknyşyklarynyň dowam edýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýan mahaly ýaýradyldy.

XS
SM
MD
LG