Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nädip we nähili horlanmaly?


Halkara hünärmenleriň pikirine görä, sport semremekligiň öňüni alyp bilmeýär.
Halkara hünärmenleriň pikirine görä, sport semremekligiň öňüni alyp bilmeýär.

Alymlaryň aýtmagyna görä, sport bilen meşgullanmak horlanmaga kömek etmeýär. Artykmaç kilodan sypmagyň iň täsirli ýoly dogry iýmitlenmekden ybarat.

"British Journal of Sports Medicine" atly žurnalda bu temadan bir makala çap edilen badyna halk köpçüliginde uly seslenme döredi. Seslenmeleriň esasyny, artykmaç agramdan nädip we nahili gutulyp, horlanyp bolar diýen gürrüň düzýär.

Kardiolog Asim Malhotranyň bellemegine görä, semizlikden baş alyp çykyp bilmeýän bir adamyň özüne fiziki agram salmagynyň hiç hili peýdasy ýok. Horlanmak üçin hökmany suratda dogry iýmitlenmeli we iň gowusy az iýmeli.

"Lanset" žurnalynda çap edilen bir makalada bolsa nädogry iýmitlenmegiň fiziki hereketsizligiň, alkogolly içgileri içmegiň we çilim çekmegiň hemme zatdan beter dürli kesellere ýol açyp bilýändigi bellenipdir.

Gyrgyzystanda adamlaryň diňe ýüzden 6 göterimi sport bilen meşgullanýar. Ýurduň saglygy saklaýyş ulgamy bar ünsüni hem serişdesini keselleriň bejerilmegine we olaryň öňüniň alynmagyna gönükdiripdir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ýurtda ýürek-damar, zürýatsyzlyk (önelgesizlik) we oňurga kesellerine duçar bolanlaryň sany hasam ýokarlanypdyr. Munuň sebäbi hem adamlaryň öz bedenini aýamaýanlygyndan diýlip düşündirilýär.

Halkara hünärmenleriň pikirine görä, sport semremekligiň öňüni alyp bilmeýär. Öz önümleriniň satuwyny ýokarlandyrmak isleýän iýmit firmalarynyň döreden şeýle nädogry garaýşy indi adamlaryň aňyna berk ornaşypdyr. Lukmanlar sport bilen meşgullanmagyň gaýta ýüregiň näsazlygyna, süýji kesele we insulta getirip biljekdigine ünsi çekýärler.

Gyrgyzystanda ölümleriň ýüzden 50 göterimine ýürek-damar keselleri sebäp bolýar. Mundan 20 ýyl owal insult diňe uly ýaşdaky adamlara howp salan bolsa, ol indi häzirki döwürde has ýaşlara hem degýär.

Ýokary derejeli lukman angionewrolog Abdusalim Artykbaýewiň aýtmagyna görä, adamyň wagtynda, gijikdirmän we dogry görnüşde öz saglygynyň aladasyny etmäge başlamagy, oňa abanýan howpuň öňüniň alynmagyna mümkinçilik döredýär. Adamlarda öz bedeniňi aýamak endigi dörän mahaly keselleriň hem öňi alnyp bilner: ”Günbatar ýurtlardan tapawutlylykda biziň ýurdumyzda sagdyn durmuş barada adada edilenok. Şonuň üçinem ýaşlara insult howpy abanýar. Günbatar ýurtlarynda adamlar, ýaşa garamazdan, has köp gezelenç edýärler we yzygiderli ylgamaga çytraşýarlar. Biziň graždanlarymyz bolsa köpçülikleýin oturmaga öwrenşipdirler. Onsoňam bizde hiç kim halky ylgamaga, fiziki türgenleşige çagyranok, ýagny sagdyn durmuş endiginiň propagandasy ýok”.

Trawmatologiýa we ortopediýa ylmy barlag merkeziniň müdiri Sabyrbek Jumabekowyň aýtmagyna görä, hut şu hereketsizlik sebäpli Gyrgyzystanda oňurga keseli ýaýbaňlanýar. Eger halkyň sporta gatnaşyşy gowulansa, onda keselli adamlaram azalar: ”Sport bilen meşgullanmak adamyň organizmi üçin örän peýdalydyr. Gynansagam, biziň jemgyýetimizde, eger-de köçede biri ylgap ýören bolsa, birentek adam onda ony kellesi işlemänsoň şeýdip ylgap ýörendir diýip hasaplaýar. Sport bedenden diňe bir artykmaç agramy, ýagny artyk ýüki aýyrman, eýse myştsalardaky we bogunlardaky köp näsazlyklaryň hem-de keselleriň-de öňüni alýar”.

Fiziki taýdan hereketsizlik we sport bilen meşgullanmaýandyklary sebäpli gyrgyz erkek adamlarynyň köpüsi zürýatsyzlykdan (önelgesizlikden) ejir çekýär. Mundan 20 ýyl owal önelgesizlik keselinden ýylda bary-ýogy 2-3 adam özüni bejerden bolsa, häzirki döwürde her hepdede 2-3 erkek adam bu kesele duçar bolýar.

Urologiýa baradaky respublikan merkeziň andrology Žanybek Mambetowyň bellemegine görä, durmuşda az hereket etmek adamda gaty köp keseliň döremegine sebäp bolýar:

Öňler biziň ata-babalarymyz köplenç atyň üstünde ýa-da pyýada ýöräpdirler, ýagny hemişe hereketde bolupdyrlar. Häzirki döwürde, oturan ýerinde işleýän we gymyldy-hereketi juda az bolan adamlar önelgesizlikden has köp ejir çekýärler, prostatit ýaly erkek adamlara howp salýan dürli kesellere uçraýarlar. Adamlar sport bilen meşgullanmagyň, hereket etmegiň hakyky zerurlykdygyny unutdylar.

Günbataryň alymlary nädogry iýmitlenýän we saglyga zyýanly zatlary iýýänlere sportuň hem kömek etmeýändigini nygtaýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de alymlar sport bilen meşgullanmagyň hökmandygyny inkär edenoklar.

Saglygy saklaýşyň kämilleşdirilmegi baradaky milli institutyň professory Mark Beýker bolsa saglygyňy saklamak üçin deňagramly diýeta, ýagny iýmit berhizi bilen hereketjeň ýaşaýyş ýörelgesini utgaşdyrmagy maslahat berýär.

XS
SM
MD
LG