Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Ok atyşykda birnäçe adam öldi


Owganystandan gelip gowuşýan maglumatlarda ýurduň günortasyndaky metjitde, owgan polisiýasy bilen agyr ýaragly söweşijileriň arasynda bolan uruşda birnäçe adamyň ölendigi habar berilýär.

13-nji maýda Helmand welaýatynyň Laşkar Gah şäherindäki metjitde çaknyşyklar dowam edýän mahaly, ýaragly adamlaryň metjidiň içinde adamlary zamun alyp-almandygy barada henize çenli takyk maglumat ýok.

Owganystanyň howpsuzlyk resmisiniň berýän maglumatyna görä, hüjümçiler “Laşkar Gah şäher häkimliginiň binasyna girmäge synanyşypdyrlar, emma polisiýa tarapyndan munuň öňi alnypdyr”.

Resminiň aýtmagyna görä, hüjümçiler gürrüňi gidýän binanyň golaýyndaky metjide girmäge mejbur bolupdyrlar.

Beýleki bir howpsuzlyk resminiň berýän maglumatynda hüjümde üç adamyň, şol sanda Owganystanyň “Ulema” atly geňeşiniň Helmand welaýaty boýunça başlygynyň öldürilendigini aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady, emma geçen aý “Talyban” hereketi tutuş Owganystanyň çäginde öz ýazky hüjümlerine başlady.

XS
SM
MD
LG