Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Döwlet dermanhanalarynda käbir dermanlar tapdyrmaýar”


Lebap welaýatynda döwlete degişli dermanhanalaryň biri.
Lebap welaýatynda döwlete degişli dermanhanalaryň biri.

Lebap welaýatynda hususy dermanhanalaryň ýapylmagy netijesinde ilatyň derman üpjünçiliginde käbir bökdençlikleriň emele gelendigi habar berilýär.

Lukmanyň ýazyp berýän dermanlarynyň döwlet dermanhanalarynda tapylmaýandygyny, ýaşaýjylaryň käbirleri aýdýarlar. Käbir ýaşaýjylar bolsa, mundan öň hususy dermanhanadan 10 manada satyn alýan dermanlaryny, häzirki wagtda 15 manatdan satyn almaly bolýandyklaryny belleýärler.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:15 0:00

XS
SM
MD
LG