Sepleriň elýeterliligi

Karaçi: Şaýylaryň awtobusy oka tutuldy


Pakistanyň resmileri ýurduň gündogaryndaky Karaçi şäherinde ýaragly adamlaryň azlykdaky şaýy musulman toparynyň awtobusyny oka tutmagy netijesinde azyndan 43 adamyň wepat bolandygyny aýtdylar.

Resmiler hüjümçileriň başda awtobusyň daşyndan ok atandygyny, soň bolsa içine girip, diri galanlary kellesinden atyp öldürendiklerini habar berdiler.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif Karaçide bolan bu heläkçilikli waka barada 13-nji maýda Yslamabatda hökümet maslahatynda eden çykyşynda “Bu Pakistanda durnuksyzlygy döretmek we adamlary bir-birine garşy goýmak üçin edilen gynançly bir synanyşykdyr. Zarba urlan jemagat hiç wagtda [ýurtda] gapma-garşylyk döretmändi” diýip belledi.

Welaýatyň ýolbaşçysy Gulam Haider Jamaliniň sözlerine görä, awtobus Ysmaýyly şaýy musulmanlar jemagatynyň merkezine tarap barýan wagtynda alty sany ýaragly adam tarapyndan saklanypdyr we ýolagçylar atylyp öldürilipdir.

13-nji maýda bolan bu hüjümden soň ýaragly adamlaryň üç sany motosiklde gaçyp gidendikleri habar berildi.

Jenaýataçylygy derňemek boýunça toparyň polisiýa ofiseri Tarik Jadoon hüjümiň bolan ýeriniň golaýynda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda hüjümde “dokuz millimetrlik awtomatik görnüşindäki ýaraglar ulanyldy” diýdi.

Hüjümiň jogapkärçiligi

Pakistanyň “Talyban” guramasynyň düzümindäki “Jundullah” atly topar bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Hüjüm Pakistanyň syýasy liderleri we Hindistanyň premýer-ministri tarapyndan tankyt edildi.

Polisiýanyň ýolbaşçysy Najib Khan ölenleriň arasynda 16 zenanyň bardygyny we ýene onlarça adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Maglumatlarda käbir ýaş çagalaryň jesetleriň aşagynda gizlenip, aman galandygy aýdylýar.

Hüjümde ýaralananlaryň eltilen Karaçiniň iki keselhanasynyň daşynda iki howpsuzlyk güýçleri ýerleşdirildi.

Telewizion kanallarda oka tutulan awtobus we onuň daşynda ýaralananlary we ölenleri keselhana alyp barýan tiz kömek ulaglary görkezildi.

“Jundullah” toparynyň metbugat wekili Ahmed Marwat toparyň şaýylara, şol sanda ysmaýyly toparyna we hristianlara garşy hüjümlerini dowam etdirjekdigini AÝ/AR-nyň Maşaal Radiosyna aýtdy.

“Al-Kaýda” bilen bagly söweşiji toparlar geçmişde şaýylary we daşary ýurtly syýahatçylary nyşana alýardy.

“Jundullah” 2014-nji ýylyň noýabr aýynda “Yslam döwletiniň” söweşijilerine öz raýdaşlygyny bildiripdi.

Pakistanyň Ysmaýyly jemgyýeti

Ysmaýyly jemgyýeti sünnüleriň köpçüligindäki Pakistanda şaýy musulman azlygynyň bir toparydyr.

Karaçide ysmaýyly jemgyýetiniň agzalary sünni esktremistleriň howp salýandygy sebäpli topar bolup ýaşaýarlar we diňe köplük bolup hereket edýärler.

Pakistanyň ysmaýyly jemgyýetiniň agzalary ýurduň demirgazyk böleklerinde Gimalaý daglarynyň käbir jülgelerinde, şeýle-de Karaçide ýaşaýarlar.

Şaýylara garşy hüjümler soňky ýyllarda Karaçide we Kwettada köpeldi.

Soňky iki ýylyň dowamynda Pakistanda bolan hüjümlerde 1000 çemesi şaýy öldürildi.

Ozlaky hüjümleriň köpüsiniň jogapkärçiligini şaýylary dinsizler diýip hasap edýän “Laşkar-e-Jhangwi” atly berk ugurly sünni topar öz üstüne alypdy.

13-nji maýda bolan gyrgynçylyk Pakistanda 30-njy ýanwardan bäri şaýylara garşy iň agyr hüjüm boldy. Ýanwar aýynda janyndan geçen hüjümçi Şikarpur etrabynda metjide hüjüm edip, 61 adamy öldüripdi.

XS
SM
MD
LG