Sepleriň elýeterliligi

Adolf Gitleriň yzyna 'gelşi'


Adolf Gitleriň kitap dükanyndaky portreti. Bagdat, 17-nji fewral, 2015.

Adolf Gitleriň kitap dükanyndaky portreti. Bagdat, 17-nji fewral, 2015.

German ýazyjysy Timur Wermesiň «Gör, kim yzyna dolanypdyr» (“Look Who’s Back”) atly satiriki romanynda Adolf Gitleriň oýanyp, Waşington Irwiňiň «Rip Wan Winkle» hekaýasynyň sitilinde, 2011-nji ýylda Berliniň köçelerinde gaýtadan peýda bolşy suratlandyrylýar.

Ony ýalňyşyp, bir aktýor hökmünde kabul edýärler we ol telewizion gepleşigiň alyp baryjysy bolup, YouTube hadysasyna öwrülýär.

2012-nji ýylda ilkinji gezek çapdan çykaly bäri, Germaniýada bu kitabyň iki million nusgasy satyldy we ol iň geçginli kitaplaryň sanawynyň başynda 20 hepdeläp durdy. Şeýle-de bu kitap 42 dile, şol sanda hibrew diline terjime edildi.

«Gör, kim yzyna dolanypdyr» romany esasynda düşürilýän kino bolsa, Germaniýada şu güýzde ile ýetirilmeli.

Metbugatda çykan habarlardan çen tutulsa, bu roman Germaniýada ilki beýle bir üns çekiji eser bolmandyr we ýurduň esasy neşirleriniň käbirinde ol barada oňaýsyz synlar çap edilipdir.

Germaniýanyň tabloid neşirleriniň ozalky syýasy habarçysy, käte bolsa, öz sözleri bilen aýdylsa, «ownugrak ýyldyzlaryň» adyndan ýazyjylyk eden Wermes öz romanynyň birden beýle üstünlik gazanmagyna geň galypdyr.

«Bu iki million adamyň gatnaşmagynda geçirilýän sosial synag ýaly bir zat» diýip, Wermes žurnalistler bilen söhbetdeşlikde aýdypdyr.

Ýöne awtoryň we german kommentatorlarynyň başga-da birnäçesiniň pikirine görä, «Gör, kim yzyna dolanypdyr» romanynyň üstünligi Ikinji Jahan urşundan bäri geçen 70 ýyl içinde nesil çalşygynyň hem bolandygyny, diýmek, nasistik geçmişe täze bir nazar, gara ýumory ulanmak arkaly çemeleşmegiň hem wagtynyň gelendigini görkezýär.

“Sen şu gün şol bir zady gürrüň berip bilersiň, emma başga usulda» diýip, Wermes aýdypdyr. Sebäbi, onuň pikirine görä, köp adam 1990-njy ýyllardan bäri şol bir günäkärlik gürrüňlerinden we pikirlerinden bizar bolupdyr.

Ol indi muny gysgaltmak gerek, biz şol bir hekaýany gürrüň bereris, emma gülüp gürrüň bereris diýýär.

Metbugat materiallary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG