Sepleriň elýeterliligi

Burundi: Agyr söweş alnyp barylýar


General Godefroid Niyombare radioda çykyş edýär, Bujumbura, 13-nji maý, 2015.

General Godefroid Niyombare radioda çykyş edýär, Bujumbura, 13-nji maý, 2015.

Burundiniň paýtagty Bujumburada 14-nji maýda bäsdeş goşunlarynyň arasynda agyr söweşler başlandy. Mundan bir gün öň ýokary derejeli general bu Merkezi Afrika ýurdunyň prezidenti Pierre Nkurunzizany häkimiýet başyndan çetleşdirmek boýunça agdarylyşygy amala aşyrdy.

Ýurduň aňtaw gulluklarynyň öňki ýolbaşçysy we döwlet baştutanynyň ýarany general Godefroid Niyombare döwlet agdarylyşygynyň bolandygyny prezident Nkurunzizanyň 13-nji maýda Tanzaniýa sapara giden wagty radio we telewideniýe arkaly yglan etdi.

Niyombareniň bu çykyşy prezidentiň häkimiýet başynda üçünji möhlete galmak niýeti sebäpli dörän zorlukly dartgynlylykdan birnäçe hepde yzýany ýüze çykdy.
Oppozision we adam hukuklaryny goraýjy toparlar Nkurunzizanyň 2005-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda galmagynyň konstitusiýa ters gelýändigini aýdýarlar.

Prezident bolsa özüniň ilkinji möhletiň hasaba alynmaly däldigini, sebäbi şonda halk tarapyndan däl-de parlament tarapyndan saýlanandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG