Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Myhmanhana heläkçilikli hüjüm edildi


'Park Palace' myhmanhanasy, Kabul, 14-nji maý, 2015.

'Park Palace' myhmanhanasy, Kabul, 14-nji maý, 2015.

“Talyban” söweşijileriniň Owganystanyň paýtagtynda daşary ýurtlylaryň arasynda meşhur myhmanhana hüjüm etmegi zerarly ölenleriň sanynyň 14 adama ýetendigini BMG habar berdi.

Munuň öňüsyrasynda Kabulyň polisiýasynyň ýolbaşçysy Abdul Rahman Rahimi wepat bolanlaryň bäşisiniň daşary ýurtlylardygyny, biriniň ABŞ-nyň we dördüsiniň Hindistanyň raýatlarydygyny aýdypdy.

Kabulyň “Park Palace” myhmanhanasynyň beýleki 54 myhmany birnäçe sagatlap dowam eden hüjümiň tamamlanmagyndana soň howpsuz ýere äkidildi.

“Talybanyň” metbugat-wekili Zabiullah Mujahid guramanyň bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alýandygyny AÝ/AR-nyň Azat Owganystan Radiosyna aýtdy.

Myhmanhananyň onlarça myhmany hüjümçiler polisiýa tarapyndan öldürilýänçä binanyň içinde gabalypdy.
Polisiýa üç hüjümçiniň öldürilendigi we olaryň içi partlaýjy serişdeli keltekçelerini partladyp ýetişmändigini aýtdy.

Kabulyň polisiýasynyň başlygy Rahimi “Derňewçiler hüjümiň nädip amala aşyrylandygyny anyklamagyň üstünde işleýärler, sebäbi ol partlamadan ýa-da gapydaky sakçylary öldürmekden başlanmandy”, diýip 14-nji maýda žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG