Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan Kongress agzalaryna peşgeş berdi diýilýär


Azerbaýjanyň SOCAR döwlet nebit kompaniýasynyň ABŞ-nyň Kongressiniň 10 agzasynyň we 32 işgäriniň 2013-nji ýylda Bakuda bolan konferensiýa barmagyny doly maliýeleşdirendigi habar berilýär.

“The Washington Post” neşriniň Kongressiň etika boýunça gizlin maglumatyna salgylanyp, 13-nji maýda çap eden maglumatynda Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň “konferensiýanyň maliýe çeşmesini ýaşyrmak üçin ABŞ-da ýerleşýän girdejisiz kompaniýa 750 müň amerikan dollaryny geçirendiginiň gaman edilýändigi” aýdylýar.

Maglumata görä, şol konferensiýada prezident Barak Obamanyň ýokary derejeli üç kömekçisi şol konferensiýada çykyş edipdir. Azerbaýjanda amerikan kanun çykaryjylaryna ýüpek ýaglyk, haly ýaly sowgatlaryň berlendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG