Sepleriň elýeterliligi

Yrak: YD-nyň ikinji ýolbaşçysy öldürildi


Yragyň Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň” ýolbaşçylarynyň biri ýurduň demirgazygynda koalisiýanyň amala aşyrýan howa zarbalarynyň netijesinde öldürlipdir.

Ministrligiň metbugat-wekili general Tahsin Ibrahimiň 13-nji mýda aýtmagyna görä, Abu Alaa al-Afri ady bilen tanalýan Abdul Rahman Mustafa Mohammed hüjüm astyna düşen Tal Afar şäheriniň metjidinde bolupdyr.

Ibrahim YD-nyň ýolbaşçysynyň onlarça söweşiji bilen duşuşyk geçiren wagtynda öldürlendigini habar berdi.

ABŞ-nyň harbylary koalision güýçleriň metjide hüjüm etmändigini aýtdy we bu maglumaty tassyklamakdan ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG