Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-ÝHHG: Energiýa üns berildi


Türkmenistanyň prezidenti ÝHHG-niň ýolbaşçysy Lambert Zanýer bilen energiýa meselesini ara alyp maslahat etdi.

Türkmen mediasyna görä, G.Berdimuhamedowyň Awstriýa eden resmi saparynyň dowamynda 13-nji maýda Wenada geçirilen bu duşuşykda Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasynda hyzmatdaşlyga degişli indiki edilmeli işleriň arasynda energiýa boýunça dialogy ösdürmegiň we energiýa serişdeleriniň halkara derejede eksport howpsuzlygyny üpjün etmekligiň iň möhüm meseledigi nygtalypdyr.

Türkmenistanyň prezidentiniň Ýewropa ýurtlaryna eden saparynyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy guramalar günbatar resmilerine ýüzlenip, Türkmenistan bilen gepleşiklerde adam hukuklary problemasyny gozgamaga çagyryş etdiler.

G.Berdimuhamedowyň 12-13-nji maýda Awstriýa we Sloweniýa eden sapary Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy boýunça ylalaşygy barada 1-nji iýunda Brusselde boljak diňlenişigiň öňüsyrasyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG