Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: 'Ahal' - 'Istiklol': 2-5


Futbol oýny, Duşenbe
Futbol oýny, Duşenbe

13-nji maýda Türkmenistanyň “Ahal” futbol komandasynyň Täjigistanyň “Istiklol” komandasyna garşy duşuşygy 2:5 hasap bilen tamamlandy.

“Ahal” komandasynyň baş treneri Boris Grigorýants oýundan soň geçirilen metbugat-konferensiýasynda eden çykyşynda türkmen tarapynyň ýeňilmeginiň sebäbini oýna gatnaşyp bilmedik futbolçylary çalşyrar ýaly mynasyp adam tapyp bilmändiklerinde görýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Täjigistanyň komandasynyň oýnuna ýokary baha berdi. “Toparlaýyn tapgyrdaky oýunlaryň oglanlara tejribe toplamakda örän peýdaly bolandygy hasap edýärin”, diýip Grigorýants aýtdy.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň 2015-nji ýyl boýunça baýragy ugrundaky bu jemleýji tapgyryň çäginde türkmen we täjik futbolçylarynyň arasynda bolan bu oýun Duşenbäniň Merkezi stadionynda geçirildi. Habar berilişine görä, türkmen komandasynyň düzüminde Täjigistana 16 türkmen futbolçysy barypdyr.

XS
SM
MD
LG