Sepleriň elýeterliligi

SOCAR ABŞ-nyň resmileriniň saparyny maliýeleşdiripdir


“Washington Post” gazetinde çap bolan makaladan bir görnüş.

“Washington Post” gazetinde çap bolan makaladan bir görnüş.

ABŞ-nyň Kongresiniň etika boýunça derňewçileri Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki SOCAR nebit kompaniýasyň ABŞ-nyň Kongresiniň 10 agzasyny ýurda ýaşyryn getirmek üçin ýüzlerçe müň dollar harçlandygyny, şeýle-de amerikaly resmilere sylag-serpaý edendigini aýdýarlar diýip, “Washington Post” gazeti habar berýär.

Neşir Kongresiň gizlin etiki hasabatyna salgylanyp, Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň 2013-nji ýylda ABŞ-daky girdejisiz kähranalarynyň üsti bilen $750 müň dollar goýberip, amerikan resmileriniň Bakuwdaky konferensiýa gelmegini maliýeleşdirendigini ýazýar.

Konferensiýada prezident Barak Obamanyň ozalky ýokary derejeli maslahatçylarynyň hem çykyş edendigine üns çekilýär.

ABŞ-nyň Kongresiniň Etika boýunça edarasynyň hasabatynda bellenişi ýaly, amerikan resmilerine haly, hrustal, çaý esbaplary ýaly zatlary sowgat etmek üçin hem pul sarp edilipdir.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, Azatlyk Radiosy gürrüňi gidýän hasabaty görmedi.

Derňewçiler resmileriň öz wezipe borçlaryndan peýdalanyp, SOCAR kompaniýasyna artykmaçlyk berendiklerini “anyklap bilmändiklerini”, şeýle-de resmileriň gatnaşýan çäresiniň daşary ýurt hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilendigini öňünden bilendikleri barada “delil tapyp bilmändikleini” nygtaýarlar.

“Washington Post” neşiriniň ýazmagyna görä, amerikaly resmiler saparyň SOCAR tarapyndan maliýeleşdirilendigini bilmändiklerini aýdypdyrlar. Gürrüňi gidýän resmileriň ählisi ABŞ-nyň Wekiller öýüniň agzalarydyr.

Neşiriň ýazmagyna görä, SOCAR bu saparyň guramaçylygyna Azerbaýjanyň gatnaşygyny ýaşyrmak üçin, düýbi Tehasda ýerleşýän iki guramany: “Amerikalylaryň we Ýewraziýalylaryň pöwrize daşy Geňeşini” we “Azerbaýjanyň dostlarynyň Assambleýasyny” ulanypdyr.

SOCAR özüniň bu konferensiýany maliýeleşdirendigini gizlin saklajak bolandygyny inkär edýär. SOCAR-yň güwä geçmegine görä, “Amerikalylaryň we Ýewraziýalylaryň pöwrize daşy Geňeşi” we “Azerbaýjanyň dostlarynyň Assambleýasy agzalýan konferensiýanyň guramaçylygy bilen baglanyşykly Azerbaýjanyň döwlet kompaniýasyndan pul serişdelerini alandyklaryny öz maliýe hasabatlarynda görkezmekden saklanypdyrlar.

Günbatar ýurtlary tarapyndan adam hukuklaryny depelemekde aýyplanýan Azerbaýjan, soňky döwürde ABŞ-da özüniň lobbilik işini hem ýaýbaňlandyrdy.

Şeýle-de Baku özüniň “işbil diplomatiýasy” diýlip atlandyrylýan syýasaty üçin tankytlanýar. Ol her dürli dynç alyş programmalaryny, halylylary, şaý-sepleri we işbilleri hödürläp, özüne syýasy dostlary gazanjak bolmakda aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG