Sepleriň elýeterliligi

Post-kommunist çagalar yzda süýrenýär


Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasynyň Bilim boýunça (2015) hasabaty

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasynyň Bilim boýunça (2015) hasabaty

Dünýä ýüzünde ýokary okuw jaýlarynyň arasynda geçirilen täze barlag balkan ýurtlarynda we öňki sowet respublikalarynda okaýan ýaşlaryň öz Aziýadaky we Ýewropadaky deň-duşlarynda umuman yzda galýandygyny görkezdi.

Düýbi Parižde ýerleşýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasynyň (OECD) «Umumy esasy başarnyklar: Haýsy ýurtlar utýar» diýen at bilen çap eden hasabaty dünýäniň 76 ýurdunyň studentleriniň matematika we tebigy ylymlar babatdaky bilim derejesine üns berýär.

Soňra bu hasabat şol ýurtlaryň klaslarda berilýän bilimiň derejesini ösdüren ýagdaýynda görjek ykdysady peýdalaryny hasaplaýar.

Aziýanyň Singapur, Hoň Koň, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Taýwan ýaly ýurtlarynyň studentleri, hasabatda aýdylmagyna görä, matematika we tebigy ylymlar boýunça ýokary derejeleri görkezmäge ýykgyn edýärler.

Ozalky Gündogar bloga giren ýurtlardan ýokarky 20-lige diňe Estoniýa, Polşa we Sloweniýa girýär.

Barlagyň netijeleri Ýewropanyň öňki kommunist ýurtlarynda, başga ugurlarda ýaramaz hem bolsa, azyndan studentlere matematikadan we tebigy ylymlardan gowy bilim berlendigi barada giň ýaýran çaklamany ýalana çykarýar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasynyň bilim we başarnyklar direktory Andreas Şleýher (Schleicher), häzirki çelgiler esasynda, Gündogar Ýewropada we Sowet Soýuzynda studentleriň owalda-ahyrda bu sözüň häzirki manysynda gowy okadylandygyna şübhe bildirýär.

"Balkanlardaky we Gündogar Ýewropadaky sistemalar, umuman, bilime döredijilikli çemeleşmekden mazmun öwrenmegi (ýat tutmagy) ileri tutdy. Şu günki gün seniň näme bilýändigiň möhüm däl-de, eýsem bilimi nähili ulanyp bilýändigiň möhüm» diýip, ol aýdýar.

Ozalky Gündogar bloguň Çeh respublikasy, Slowakiýa we Wengriýa ýaly döwletlerinde studentleriň bilim derejesi Günbatar Ýewropadaky ýurtlardaky deň-duşlaryndan umuman pesräk bolsa-da, olar ozalky Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolan ýurtlaryň studentlerinden gowy ýagdaýda bolup görünýär. Bu Russiýa Federasiýasyny (34), Ukrainany (38), Gazagystany (49), Ermenistany (50) hem öz içine alýar.

Li Luo esasyndaky dereje grafigi (2015)

Li Luo esasyndaky dereje grafigi (2015)

Ýewropa ýurtlarynyň arasynda iň pes başarnyk derejesi Balkanlarda we ozalky Ýugoslawiýada typyldy. Barlag Makedoniýanyň (65) we Montenegronyň (56) studentlerine umulykda iň pes bahalary berýär.

Hasabatda ýurtlaryň eger bilim sistemasyny özgertmek ýoluna düşseler, ýagdaýy üýtgedip biljekleri hem aýdylýar. Ýagny bilim pudagynda özgerişlik döretmäge çyny bilen ýapyşan ýurtlar, okatmagyň derejesini ýokarlandyrmak bilen, has köp peýda gazanmak ýoluna düşýärler.

Şleýher mekdepde berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň ýurtda uzagyndan köp baýlyk döretmegiň hem kuwwatly görkezijisi bolup durýandygyny aýdýar.

Emma ol bilime diňe has köp serişde goýbermegiň ýeterlik däldigini, gowy mugallymlary tapyp işe almalydygyny we okuwçylary işjeň öwrenişe çekmelidigini nygtaýar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasynyň hasaplamalaryna görä, eger Makedoniýa bilim pudagyny özgertmek ýoluna düşse, ol jemi içerki önümiň ösüşini 2030-njy ýyla çenli 12 esse çemesi (1,137 prosent) ösdürip biler.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annugurban.

XS
SM
MD
LG