Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Muhammet pygambere dil ýetirdi" diýip mugallymyň elini kesenler basyldy


Libya -- A masked Libyan gunman stands on a street in the eastern city of Benghazi, early on July 29, 2014, as violence has hit the city.
Libya -- A masked Libyan gunman stands on a street in the eastern city of Benghazi, early on July 29, 2014, as violence has hit the city.

Hindistanda bir mugallymy aýyplap, onuň elini kesen yslamçylar azatlykdan mahrum edildiler.

"Hindistanyň halk fronty" diýip atlandyrylýan topara degişli 13 adama üç ýyldan sekiz ýyla çenli ýyl kesilipdir.

Olar 2010-njy ýylda Todupuža şäherindäki Newman kolležiniň professory TJ Josefi, Muhammet pygambere dil ýetirmekde aýyplap, elini kesipdirler.

Professor şonda ejesi we gyz jigisi bilen ulagda Katolik buthanasyndan öýüne gaýdyp barýar ekeni.

Radikal yslamçylar ulagy durzup, ony zor bilen daşaryk çykarmaga synanşypdyrlar. Ulagyň ýapyk aýnalarynyň ählisini-de döwüpdirler. Onsoň ony erbet ýenjip, soňam sag elini kesipdirler.

Soň keselhana äkidilen mahaly mugallymyň elini täzeden ýerine tikipdirler.

Yslamçylaryň pikirine görä, şeýlelik bilen olar professordan ar alypdyrlar. Çünki, ol eli kesilmezden dört aý öň, haçparazlaryň kolležinde ekzamen üçin taýýarlan soraglarynda Muhammet pygambere dil ýetiripdir.

Ekzameniň soragynda Muhammet atly bir adam bilen Allanyň arasyndaky gepleşik mysal getirilipdir we şonda Alla Muhammediň mertebesini peseldipdir. Ýöne onuň Muhammet pygamberdigi ýa-da däldigi anyklanmandyr.

Professoryň aýtmagyna görä, ol agzalýan mysaly bir kinofilmiň ssenarisinden nusga alypdyr we pygamberi kemsitmegi göz öňünde tutmandyr.

Ekzameniň soragy babatda gozgalan işiň netijesinde professor işinden boşadylypdyr we soň gysga möhletlik azatlykdan mahrum edilipdir.

Ilki ol "dini gapma-garşylyk döretmekde" aýyplanan hem bolsa, soňra bu iş goýbolsun edilipdir.

Tussag edilenden 1 aý geçensoň onuň ýanýoldaşy depressiýa düşüp, özüni öldüripdir.

Professoryň aýtmagyna görä, eli kesilýänçä onuň janyna kast etmäge üç gezek synanyşyk edilipdir.

XS
SM
MD
LG