Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Giň gerimli operasiýalar başlady


Pakistanyň harbysy “Talyban” hereketiniň Demirgazyk Waziristan regionyndaky buky ýerleri diýlip güman edilýän sebitine hüjüm etdi.

15-nji maýda Pakistanyň harby uçarlary Şawal jülgesiniň tokaý zolakly dar jülgelerinde “Talybanyň” buky ýerleri diýlip güman edilýän jaýlary ýumurdylar.

Adynyň köpçülikde agzalmazlygyny soran hökümet resmisiniň “giň gerimli harby hereket” diýip häsiýetlendiren hüjümlerinde azyndan 15 söweşijiniň öldürilendigi habar berilýär.

Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, tanklar we esgerler demirgazyk we günorta tarapdan gürrüňi gidýän jülgä tarap ýakynlaşýarlar.

Pakistanyň harbysy Demirgazyk Waziristandaky söweşijilere garşy geçen ýylyň iýun aýynda hüjümleri amala aşyryp başlaýança, “Pakistanyň Talyban” hereketi bu sebitiň ähli bölegine diýen ýaly kontrollyk edýärdi.

XS
SM
MD
LG