Sepleriň elýeterliligi

Ýokary derejeli owgan kazysy öldi


Owganystanyň ýokary derejeli prokurory owgan paýtagty Kabuldaky öýüniň daşynda atylyp öldürildi.

Najibullah Sultanzoý nämälim ýaragly adam tarapyndan 14-nji maý gijesi öz öýüniň daşynda atylyp öldürildi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Sultanzoý Owganystanyň Pakistan bilen serhetleşýän Paktia welaýatynda baş prokuror wezipesinde işleýärdi.

Kommentatorlar soňky döwürde ýurduň sud pudagynda işleýän resmilere garşy hüjümleriň artdandygyny aýdýarlar.

Şu aý Owganystanda Baş prokuraturanyň işgärlerini işe alyp barýan we işden öýlerine alyp barýan awtobusa üç gezek hüjüm edildi.

XS
SM
MD
LG