Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan TANAP arkaly öz gazyny akdyryp biler


Türkmenistan we Demirgazyk Yrak Trans-Anadoly (TANAP) gazgeçirijisi arkaly gaz bilen üpjün ediji ýurtlar bolup bilerler, diýip Türkiýäniň wise-premýeri Ali Babajan “Trend” habar gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

Trans-Anadoly gazgeçirijisiniň gelejekde göz öňünde tutulan mümkinçilikleri bilen baglylykda ylalaşyga gelinse, Türkmenistan bu gazgeçiriji arkaly öz gazyny Ýewropa akdyryp biler diýip, Babajan belleýär.

Şeýle-de, ol Trans-Anadoly gazgeçirijisi arkaly gelejekde Demirgazyk Yrakdan we beýleki gaz ýataklaryndan hem gaz akdyryp boljakdygyny aýtdy.

Trans-Anadoly gazgeçirijisi Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etjek esasy proýektleriň biridir diýip, Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary belledi. Ol bu proýekt bilen Ýewropanyň ençeme ýurtlarynyň gyzyklanýandygyny we olar bilen gelejekde gepleşikleriň geçiriljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG